- durmak
- işlik1) Aýak çekmek, saklanmak, togtamak.2) Aýak üstüne galmak, dim-dik ýagdaýda bolmak, dikelmek.∙ Onuň ýigitleri meýdanyň bir çetinde durdular. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)3) Bir ýerde ýerleşmek, bar bolmak.4) Bir käre eýe bolmak, bir wezipäniň başynda bolmak, bir guramanyň agzasy bolmak.∙ Häkimiýet başynda işçiler we daýhanlar durýarlar. («Mydam Taýýar» Gazýeti)5) Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň başlanyşyny, dowamlylygyny we çylşyrymly häzirki zamany görkezýär.∙ Ýygnaşmaga durmak, goýbermege durmak; gelip durmak, diýip durmak; öwsüp durmak.Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem durmak - durdum, durduň, durupdyr.◊ arka durmak — seret arka 1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.